Nebitgaz toplumy boýunça wise-premýere we «Türkmengaz» DK-nyň ýolbaşçysyna käýinç berildi

17.12.2022, 13:5820,318

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Şahym Abdrahmanowa we Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowa käýinç yglan edildi.

Käýinç «wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin» berildi.
Degişli resminamalara Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.