Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyny geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi

30.12.2022, 08:5727,198

Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Ahal welaýatynyň Arkadag şäherindäki binalaryň we desgalaryň açylyş dabarasyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.