Gurbanguly Berdimuhamedow halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny döretmegi teklip etdi

11.01.2023, 18:5229,237

Şu gün, 11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Mejlisiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işini bes edip, halk  häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmegi teklip etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatda eden çykyşynda «ösüp-özgerip barýan döwür ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň gurluşyny hem yzygiderli kämilleşdirip durmagy talap edýär. Bizem döwrüň şu talaplaryndan ugur almalydyrys» diýip belledi. Şu nukdaýnazardan Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk maslahatlaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp, halk  häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmegi teklip etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.