2023-nji ýyl üçin Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasy kabul edildi

10.02.2023, 21:2114,302

Türkmenistanda 2023-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy kabul edildi. Degişli resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow 10-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Bu Maksatnama laýyklykda, milli ykdysadyýetimize maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlarynyň möçberiniň 37,4 milliard manada deň bolmagyna garaşylýar» - diýip Serdar Berdimuhamedow mejlisiň barşynda belledi.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynda uly möçberli maýa goýum serişdeleri senagat, şeýle hem önümçilik däl maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw we gaz elektrik geçirijileriniň hem-de aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşyklaryna gönükdiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.