2022-nji ýylda Türkmenistanda 4 müňe golaý täze iş orunlary döredildi

10.02.2023, 22:4837,544

10-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda  Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň netijelerini häsiýetlendirdi.

Bellenilişi ýaly, geçen ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy. Hususan-da, bu görkeziji senagatda 6,3 göterim, söwdada 8,9 göterim, oba hojalygynda bolsa, 5,7 göterim boldy. Maýa goýumlary 14,2 göterim ösdi, önümleriň eksporty öňki ýyl bilen deňeşdireniňde, 43,6 göterim artdy.
Hasabat döwründe 4 müňe golaý täze iş orunlary döredildi.  Hümmetsizlenmegi hem bellenen ölçegleriň çäklerinde saklamak başartdy.
Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 76 sany önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalar ulanmaga berildi.
Geçen ýyl meýdany 1,5 million inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Netijede, maşgalalaryň, şol sanda az üpjünçilikli maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar.