Arnold Şwarseneggeriň oýnaýan «Fubar» serialynyň tizeri çykdy

01.03.2023, 11:3310,746

Netflix akym hyzmaty «Fubar» ekşn-serialynyň ilkinji tizerini neşir etdi. Onda esasy keşbi “Terminatoryň” ýyldyzy Arnold Şwarsenegger ýerine ýetirdi, bu serial onuň karýerasynda ilkinji teleýaýlym taslamasy bolar.

«Fubar» Merkezi aňtaw gullugynyň operatory bolup işleýän, ýöne işlerini biri-birinden gizleýän ata we gyz hakda gürrüň berer. Howp ýüze çykanda, olar tagallalaryny birleşdirmeli  we ýolugra näme üçin gatnaşyklarynyň şu ýyllaryň dowamynda ýalana esaslanandygyny anyklaşmaly bolarlar.
Şeýle hem serialda Monika Barbaro, Jeý Baýruşel, Diego Luna we başgalar surata düşdüler. Şouranner bolup Nik Santora ("Pobeg") çykyş edýär. Sekiz bölümiň hemmesi 25-nji maýda Netflix-de çykar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.