Toyota kompaniýasy Highlander-de 1,6 mln km geçen adama täze Highlander sowgat etdi

29.03.2023, 16:0560,113
1 / 2

Floridaly Mark Miller  Highlander  krossowerini 2006-njy ýylda  satyn alyp, ony gündelik iş ulagy hökmünde  ulandy.  Markyň işi ýollary abatlamak bilen bagly bolandygy üçin, awtoulag ýylyň dowamynda 100 müň kilometre golaý aralygy geçdi. 17 ýylyň içinde  ylgawy 1 million milden hem geçdi ( 1,6 million kilometr).

Mark özüniň Highlanderine gowy gözegçilik etdi: wagtly-wagtyna  zerur bolan abatlaýyş işlerini  geçirdi we olaryň ählisi ýeke-täk ussada ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň sentýabrynda ABŞ-da bolup geçen  Iýen tupany bolmadyk bolsa,  ol Toyota  krossower  has uzak wagt  hem hyzmat edip bilerdi. Tebigy hadysa  ygtybarly ýapon ulagyndan üstün çykdy.
Mark ulagyny täzelemeli boldy.  Haçanda bu waka hakynda Toyota kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilenlerinde, Marky kompaniýa wepalylygy üçin sagbolsun aýtmak islediler.  Oňa  täze aýratyn Bronze Editionda  ýerine ýetirilen  2023-nji ýylyň Highlander Hybridini sowgat etdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.