Arkadag şäheriniň düzüminde Kärizek we Gorjaw etraplarynyň häkimlikleri döredildi

30.03.2023, 23:5918,681

Ahal welaýatynyň Arkadag şäher häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Arkadag şäheriniň häkimligi diýlip atlandyryldy. Şeýle-de Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň we Gorjaw etrabynyň häkimlikleri döredildi. Degişli resminamalara Prezident Serdar Berdimuhamedow 30-njy martda gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminamalar «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň bellenilmegi bilen baglylykda kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.