Aşgabatda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady

04.04.2023, 11:285,482

Şu gün, 4-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän sergide “Türkmenistanda  öndürildi” nyşanly önümlerdir harytlaryň örän köp görnüşleri görkezilýär.

Sergä gatnaşyjylara harytlaryň elektron dolanyşygy, döwrebap hyzmatlar ulgamy we beýleki ugurlarda gazanylýan netijeler, ýurduň dokma pudagynyň, milli el halyçylyk sungatynyň  ösüşleri, hususy önüm öndürijileriň  eksport mümkinçilikleri bilen tanyşmaga şert döredildi.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giň gerimde geçirilýän bu serginiň içerki we daşarky söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmekde, dokma senagatynda döwrebap önümçilik düzümlerini kemala getirmekde, milli el halyçylyk sungatyny kämilleşdirmekde we telekeçilik ulgamyny ösdürmekde ynamly ädimleri ätmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn» diýip, Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda  belleýär.

Serginiň iş wagty:
4-5-nji aprel—10,00-dan 18.00-a çenli
6-njy aprel—10.00-dan 17.00-a çenli
Salgysy: Aşgabat ş., Çandybil şaýoly, 143.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 39-89-33, 39-88-84 (83) (82).

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.