Serdar Berdimuhamedow Şa zenany Margrete II-i doglan güni bilen gutlady

17.04.2023, 17:0320,992

Prezident Serdar Berdimuhamedow Daniýanyň Şa zenany hanym Margrete II-ä Daniýanyň milli baýramy — Şa zenanyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutany Şa zenan Margrete II-ä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Daniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.