Azerbaýjanyň Gran-prisini geçirmek üçin şertnama 2026-njy ýyla çenli uzaldyldy

30.04.2023, 10:065,217

Şenbe güni “Formula-1-de” Azerbaýjanyň Gran-prisini geçirmek üçin täze şertnama gol çekilendigi habar berildi. Muny sport-interfax.ru ýetirýär.

«Formula-1” täze üç ýyllyk şertnamanyň baglaşylmagy bilen Azerbaýjanyň Gran-prisiniň 2026-njy ýyla çenli senenamada galýandygyny mälim etdi» – diýlip, “Formula-1-iň” saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

“Formula-1-iň” Azerbaýjanyň Gran-prisi tapgyry 28-nji aprelden 30-njy aprel aralygynda Bakuwda geçirilýär. Düýn saýlama tapgyry geçirildi, “Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler iň gowy wagty görkezdi. Azerbaýjanyň Gran-prisiniň ýeňijisi ýekşenbe güni belli bolar.
“Patyşalyk ýaryşlary” Bakuwda 2016-njy ýyldan bäri geçirilýär, 2017-nji ýyldan bäri bolsa Azerbaýjanyň Gran-prisi ady bilen geçýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.