«Forsaž 11-iň» çykjak anyk senesi belli boldy

13.06.2023, 15:2121,896

Win Dizel «Forsaž» ulag ýaryşly on birinji filmiň resmi goýberiljek senesini yglan etdi. Film 2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde kinoteatrlarda görkeziler.

Dizel "maşgalasyny" täze çagyryşlardan halas etmäge çalyşýan Dominik Torettonyň keşbine gaýtadan gaýdyp geler. Filme ýene Lui Leterýe režissýorlyk eder. Dizel öň franşizanyň on ikinji film bilen tamamlanjakdygyny belläp geçipdi.
«Forsaž 10» maý aýynyň ortalarynda bütin dünýäde çykdy we eýýäm 617,5 million dollar toplady. Şeýle hem, onda Jeýson Momoa, Bri Larson we Şarliz Teron dagy oýnady, epizodlardaky keşpleri bolsa Dueýn Jonson bilen Gal Gadot janlandyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.