Werstappen Belgiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

31.07.2023, 04:484,872

“Red Bull” toparynyň niderlandiýaly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 13-nji tapgyry bolan Belgiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. “Spa-Frankorşam” ýolunda ikinji bolup pellehana onuň topardaşy meksikaly Serhio Peres geldi. Liderleriň üçlügini Şarl Lekler (“Ferrari”) jemledi.

Werstappen – häzirki dünýä çempiony. Onuň Belgiýadaky ýeňşi möwsümde yzygider sekizinji ýeňiş boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.