32 müň dollara: Ispaniýada bir restoran dünýädäki iň gymmat peýniri satyn aldy

02.09.2023, 11:0619,603

Ispaniýanyň bir restoranynda dünýädäki iň gymmat peýnir peýda boldy diýip, Oddity Central ýazýar. Elin taýýarlanan önümiň bir bölejigi üçin alyjy 32 000 dollar töledi.

Llagar de Colloto restoranynyň eýeleri sygyr we geçi süýdünden elin taýýarlanan we birnäçe aýlap dagdaky gowakda saklanan kabrales peýniri üçin 32 000 dollar töledi. Bu söwda Ispaniýanyň dürli künjeklerinden gelen peýnir öndürijileri bir ýere  ýygnan gastronomiki festiwalyň çäginde edildi.
Peýnirini restorana satan Gulýermo Bada: "Biz peýnirimiziň gowudygyny bilýärdik, ýöne festiwalda ýeňiş gazanmagyň aňsat bolmajagyny hem duýýardyk" -diýdi.
Restoranyň wekilleri näme üçin beýle gymmat önüm satyn alandyklaryny entek aýtmadylar. Megerem, iki kilogramlyk peýnir bölegi ençe ownuk böleklere bölnüp, restorana gelýänlere satylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.