Crocs kompaniýasy multfilm gahrymany Şregiň stilinde aýakgap toplumyny çykarar

09.09.2023, 12:426,250

Crocs kompaniýasy meşhur Şrek franşizasynyň gahrymany ogr Şrekden ruhlanan Classic Clog aýakgap toplumyny çykarar. Bu barada “Hypebea” neşirine salgylanyp, rbclife.ru ýazýar.

Sabonyň ýokarky bölegini Şregiňki ýaly burun we gulaklar bezär. Aýakgabyň reňki ýaşyl bolup, ogruň derisiniň reňkini ýatladýar. Aýakgabyň gaýyşynda multfilm gahrymanynyň eşigindäki ýaly deri bezegi bar. Gaýyşyň sabo berkidilýän ýerinde çekilen gulakly “S” harpy dur (iňlis dilinde Şregiň ady bu harpdan başlanýar – Shrek). Petekde gahrymanyň ady ýazylandyr.
Neşir Crocs-yň multfilm döredijileri bilen hyzmatdaşlygy barada resmi taýdan habar bermändigini belleýär. Muňa garamazdan, Hypebea-nyň maglumatlaryna görä, Şregiň stilinde döredilen Classic Clog sentýabr aýynyň ahyrynda $60 baha bilen satuwa çykarylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.