Lego konstruktorlarynda nebitden alnan plastmassany «goýbolsun» etmek pikirinden ýüz öwürdi

30.09.2023, 16:014,986

Daniýanyň Lego oýnawaç öndürijisi konstruktorlaryna nebitden ýasalan bölekleri goşmazlyk pikirinden ýüz öwürdi diýip, kompaniýanyň başlygy Nils Kristianseniň sözlerine salgylanýan  Financial Times ýazdy.

Iki ýyl mundan ozal Lego öz konstruktorlarynyň 80%-inde ulanýan nebit esasly ABS plastmassasyndan däl-de, gaýtadan işlenen plastik gaplardan öndürilen bölekleri synagdan geçirmegi tamamlandygyny mälim edipdi. Her ýyl ol şeýle bölekleriň milliardlarçasyny öndürýär.
Şeýle-de bolsa, täze materialdan - gaýtadan işlenen polietilentereftalatdan (RPET) peýdalanmak önümiň ömrüniň dowamynda uglerod zyňyndylarynyň artmagyna getirjek täze enjamlary talap edýär diýip, Kristiansen belleýär.
Netijede, Lego 1 kg öndürmek üçin takmynan 2 kg nebit gerek boljak ABS plastmassasynyň uglerod yzyny azaltmaga synanyşdy.

"Ilkibaşda daşky gurşawa zyýan ýetirmejek şeýle jadyly materialy ýa-da täze materialy tapmak aňsat ýaly görünýärdi, emma görýäs welin, bu beýle däl eken" -diýip kompaniýanyň başlygy mälim etdi.
"Biz ýüzlerçe materialy synagdan geçirdik - diýip, ol gazete düşündirdi. - Şeýle zady tapmak başardaýanok".

Lego 2030-njy ýyla çenli öz oýun toplumlarynda ulanylýan, takmynan, 20 materialdan nebit esasly plastmassalary aýyrmak isleýär. Hususan-da, ol 2018-nji ýylda nebit esasly polietileni, agajy we gyrymsy agajy hem öz içine almak bilen, 20 töweregi bölekde ulanylýan ösümlik esasly çig mal bilen çalyşdy.
Mundan başga-da, öndüriji 2025-nji ýyla çenli bölekleri bir gezeklik plastik paketlere gaplamakdan ýüz öwürmek üçin çäreleri görýär. Häzirki wagtda köp sanly oýun toplumlary kagyz gaplamalarda hödürlenýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.