Pişik iň gaty sesli myrlamak boýunça rekordyň eýesi boldy

20.10.2023, 09:5610,847

Beýik Britaniýanyň Hantington şäherinde ýaşaýan Bella atly 14 ýaşly pişik iň gaty sesli myrlama eýedir. Ol bu ugurda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Onuň myrlama sesiniň güýji 54,59 dB deň boldy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri bu sesi gaýnaýan çäýnegiň ýa-da kir ýuwýan maşynyň sesi bilen deňeşdirýärler.
Pişigiň eýesi Nikol Spinkiň bellemegine görä, Bella bütin günüň dowamynda myrlaýar, telewizor açylanda bolsa sesini hasam artdyrýar. Onuň myrlamasy telewizoryň sesini hem basýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.