Türkmenistanyň we Germaniýanyň Ykdysadyýet ministrlikleri bilelikdäki jarnama gol çekdiler

29.10.2023, 16:1711,775

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Germaniýanyň Federal Ykdysadyýet we howany goramak ministrliginiň arasynda bilelikdäki jarnama gol çekildi. Oňa iki ýurduň ministrlikleriniň ýolbaşçylary diplomatik kanallar arkaly gol çekdi diýip, Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçihanasy habar berýär.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň binasynda Aşgabat bilen Berliniň arasynda türkmen işewür ýolbaşçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň çägindäki gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen degişli resminamalaryň alyş-çalşygy geçirildi.
Dürli bahalandyrmalara görä, Germaniýa Ýewropa Bileleşiginiň iň uly ykdysadyýeti bolup, dürli ugurlarda, esasanam, ýokary tehnologiýaly pudaklarda, maşyn gurluşygynda we hyzmatlar ulgamynda işewür-ýolbaşçylary ýokary hilli taýýarlaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.