Collins Dictionary «emeli aňy» ýylyň sözi hökmünde saýlady

02.11.2023, 16:133,305

Iňlis diliniň sözlügi Collins Dictionary “emeli aňy” ýylyň sözi hökmünde ykrar etdi. Bu barada neşirýatyň saýtyna salgylanyp, ru.sputnik.kz ýazýar.

Neşirýat kompýuterleriň dilde hünärmene öwrülendigini belleýär.

“Emeli aň – kompýuter programmalarynyň kömegi bilen adamyň akyl funksiýalarynyň modelirlenmegini aňladýan adalga 2023-nji ýylda Collins tarapyndan ýylyň sözi diýlip saýlandy. Indiki beýik tehnologiýa rewolýusiýasy hasaplanýan emeli aň uly ösüşi başdan geçirýär, ol barada 2023-nji ýylda köp gürrüň edildi” – diýip, neşirýat ýazýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, emeli aň boýunça ilkinji global sammit 1-2-nji noýabrda Beýik Britaniýada geçirilýär. Sammite dürli ýurtlaryň hökümet wekilleri, emeli aň pudagynda öňdebaryjy kompaniýalar we hünärmenler gatnaşýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.