Birbada alty ýurt «Henley & Partners-iň» dünýäniň iň güýçli pasportlarynyň sanawynda birinji orny eýelediler

12.01.2024, 16:2932,063

Alty ýurt, şol sanda dört Ýewropa we iki Aziýa döwleti iň güýçli pasportyň eýesi boldy diýip, «Henley & Partners» halkara maslahat beriş kompaniýasy habar berdi.

Kompaniýa täze reýtingi çap etdi, oňa görä alty ýurt – Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Singapur we Ispaniýa iň güýçli pasportly ýurtlar diýlip ykrar edildi. Bu ýurtlaryň ýaşaýjylary seljerilen 227-den 194 ýurda we sebite wizasyz baryp bilýärler.
Ikinji orunda 193 wizasyz ugur bilen Finlýandiýa, Günorta Koreýa we Şwesiýa durýar. Iň güýçli pasportlaryň sanawynda ilkinji üçlüge Awstriýa, Daniýa, Irlandiýa we Niderlandlar hem girdi.
Reýtingde 104-nji orny Owganystan eýeleýär. Onuň raýatlary diňe 28 ýurda wizasyz syýahat edip bilýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.