Apple ilkinji gezek dünýäniň smartfon bazarynyň başyny çekdi. Samsung 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek öňdeligini ýitirdi

17.01.2024, 15:259,283

2023-nji ýylyň ahyrynda Apple ilkinji gezek dünýä smartfon bazarynda Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi Samsung-dan öňe saýlandy. Bu barada IDC gözleg kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp,  IXBT.com habar berýär.

Samsung soňky gezek liderligini 2010-njy ýylda ýitiripdi, şonda Nokia bazaryň üçden birine eýe bolupdy.
Apple her ýyl oňyn ösüşi görkezýän ilkinji üçlügiň arasynda ýeke-täk oýunçy bolmak bilen çäklenmän, eýsem taryhda ilkinji gezek birinji orny eýeledi diýip aýdylýar.
Apple-iň dowamly üstünligi we durnuklylygy, esasan, bazaryň 20%-den gowragyny emele getirýän premium enjamlara bolan tendensiýasy bilen baglanyşyklydyr.
Hünärmenler Hytaýda bazary çaltlyk bilen özüne çekýän Huawei-iň gaýdyp gelýändigini belleýärler. OnePlus, Honor, Google ýaly markalar we beýlekiler bazaryň aşaky böleginde juda bäsdeş enjamlary çykarýarlar. Eplenýän enjamlar we smartfonlarda emeli aň mümkinçilikleri baradaky gürrüňler barha güýçlenýär. Şonuň üçin öndürijileriň arasynda gyzgalaňly bäsdeşlik dowam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.