Hytaýda Ýaşyl agaç aždarha ýyly başlandy

13.02.2024, 23:414,594

Hytaýda Ýaşyl agaç aždarhasy ýyly başlandy. Bu ýylda ýurtda ruhubelentlige we innowasiýalara garaşylýar, şeýle hem bu ýylda mümkinçilikleriň hem-de kynçylyklaryň köp boljakdygy bellenilýär.

Gündogar senenamasyna görä, Ýaşyl agaç aždarhasy ýyly 2025-nji ýylyň 28-nji ýanwaryna çenli dowam eder.
Hytaý astrologiýasynda 12 sany zodiak haýwanlarynyň her biri bäş elementiň birine – agaja, suwa, oda, metala we topraga gabat gelýär. Şeýle hem bu elementleriň hersiniň belli bir reňki bar: agaç ýaşyl bolýar, şonuň üçin bu ýyl Ýaşyl agaç aždarhasy ýyly diýilýär. Her 12 ýyldan ol ýa-da beýleki zodiak haýwanynyň elementi üýtgeýär. Ýagny, 2012-nji ýyl Suw aždarhasy ýyly boldy, 2036-njy ýyl bolsa Ot aždarhasy ýyly bolar.
Agaç rowaçlygy we gülläp ösmegi, aždarha abraýy, güýji we akyly aňladýar. Astrologlaryň  pikiriçe, bu utgaşma janlylyk, paýhas we innowasiýalar bilen doly ýyly getirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.