Türkmenistan bilen Hytaý oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Düýn, 06:061,738
1 / 2

Aşgabadyň «Arçabil» myhmanhanasynda oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine bagyşlanan türkmen-hytaý duşuşygy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşyk Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Halk hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde guraldy. Gepleşikler Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Hytaýyň oba hojalyk edaralarynyň, Oba hojalyk ylymlary akademiýasynyň alymlarynyň we öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar agrosenagat toplumyny innowasiýalaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, pagtaçylyk hem-de çig maly gaýtadan işlemek, tohumçylyk, seçgi, ekologiýa we suwy tygşytlamak meselelerini maslahatlaşdy. Hytaý tarapy bilelikdäki maýa goýum we tehnologik taslamalary amala aşyrmaga, şeýle hem döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny üpjün etmäge gyzyklanma bildirdi.

Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasynda bilermenleriň we oba hojalyk hünärmenleriniň özara saparlaryny yzygiderli guramaga aýratyn üns berildi.

Şol gün hytaý wekiliýetiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew bilen hem duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlikde geçirilen pudak geňeşmeleriniň netijeleri jemlendi. Taraplar agrosenagat toplumynda we tehniki hyzmatdaşlykda sebitara gatnaşyklary täze derejä çykarmaga taýýarlygy tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.