Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow müdimi goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky şertnama gol çekdiler. Bu barada gyrgyz lideriniň beýanatyna salgylanyp, Kommersant neşiri habar berýär.
Si Szinpin bilen geçirilen duşuşykdan soň Žaparow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň «altyn döwrüne» gadam basandygyny mälim etdi. Ol Hytaýy «Gyrgyzystanyň esasy söwda we maýa goýum hyzmatdaşy» diýip atlandyrdy hem-de Bişkegiň «Bir guşak — bir ýol» başlangyjynyň çägindäki bilelikdäki taslamalara mundan beýläk hem işjeň gatnaşjakdygyny nygtady.
1-nji sentýabrda Bişkekde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammiti geçiriler. Bu guramanyň döredilenine şu ýyl 25 ýyl dolýar. Forumyň ilkinji gününde «ŞHG+» görnüşinde ýokary derejeli duşuşyk (bu çärä agza ýurtlar, synçylar, gepleşikler boýunça hyzmatdaşlar we halkara guramalaryň wekilleri girýär), ikinji gününde bolsa gurama agza döwletleriň baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler.
Esasy syýasy çäreler bilen bir hatarda, Gyrgyzystanda Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna hem badalga berildi.