Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň prokuroryny belledi

14.02.2024, 21:5527,752

Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary Nedirguly Allanazarow Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine bellenildi. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji fewralda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, N.Allanazarow Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine bellenilip, Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.