27-nji aprelde Arkadag şäherinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

08.04.2024, 04:547,282

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli 27-nji aprelde Arkadag şäherinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Resminama laýyklykda, şeýle hem ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.