Dünýäniň üçünji raketkasy Alkaras Barselonadaky ýaryşdan çekildi

16.04.2024, 12:434,478

Barselonadaky ATP-500 ýaryşynyň iki gezek çempiony ispaniýaly Karlos Alkaras şu ýyl sag elindäki şikes sebäpli ýaryşda çykyş etmez. Bu barada ATP-niň metbugat gullugy habar berdi.

Mundan öň, 20 ýaşly ispaniýaly Monte-Karlodaky “Masters” ýaryşyndan çekildi. Şu möwsümde Alkaras 15 ýeňiş gazanyp, dört ýeňlişe sezewar boldy we Indian-Uellsde geçirilen “Masters” ýaryşynda ýeňiji boldy.
Öň, Monte-Karlodaky ýaryşdan çekilen beýleki ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal Barselonada çykyş eder.
Baýrak gaznasy tas 2,8 mln ýewro bolan ýaryş 15-nji aprelden 21-nji aprel aralygynda geçirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.