Türkmenistanda maý aýynda geçiriljek esasy çäreler

25.04.2024, 23:3414,197

Şu gün, 25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.

  • 9-njy maýda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda dabaralar geçiriler.
  • 16-njy maýda Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň 10-njy mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.
  • Şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň birnäçesi meýilleşdirildi. Hususan-da, medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahat, ýurdumyzyň teatrlarynda sahna oýunlarynyň görkezilişi, kinoteatrlarda we kinokonsert merkezlerinde beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine bagyşlanyp, surata düşürilen türkmen kinofilmleriniň görkezilişi  guralar.  
  • 17-nji maýda Aşgabadyň günorta künjeginde “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de ajaýyp türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
  • 18-nji maýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralar, şol sanda durky täzelenen Baş baýdak meýdançasynyň açylyş dabarasy geçiriler. Şol gün “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahaty we baýramçylyk konsertini geçirmek meýilleşdirilýär.
  • Aşgabat şäheriniň güni, okuw ýylynyň tamamlanmagy we “Soňky jaň” mynasybetli baýramçylyk çäreleri guralar.
  • 24-25-nji maýda Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergi geçiriler.
  • 26-njy maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi, Söwda-senagat edarasynda Türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçiriler.
  • Mundan başga-da, geljek aýda paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda täze desgalaryň birnäçesi, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalar ulanmaga berler.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.