Massaçusets ştatynyň ýaşaýjysy üç aýyň içinde iki gezek million dollarlyk lotereýa jekpotyny gazandy

08.05.2024, 13:0614,389

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçusets ştatynyň ýaşaýjysy Kristina Uilson üç aýyň içinde jemi 2 million dollarlyk lotereýa jekpotyny iki gezek gazandy diýip, United Press International habar berýär.

Ilkinji 1 million dollarlyk ýeňşi bahasy 50 dollar bolan Lifetime Millions skretç-kartoçkadan geldi. 10 hepdeden soň, Kristina duýgurlygyna eýerip, ýene bir lotereýa petegini satyn aldy we ýene-de million dollarlyk utuşyň eýesi boldy.
Bagty çüwen aýal birinji petekden alan serişdesiniň bir bölegine täze ulag satyn aldy. Kristinanyň sözlerine görä, ikinji utuşyny süýşürip goýmagy meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.