Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy

14.05.2024, 15:477,078

13-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň DIM-inde habar berdiler. 

Çäräniň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm gün tertibi hem-de Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda daşky gurşawy goramak, ýaşyl we sanly özgertmeler, bilim, energetika we ulag-logistika ýaly ugurlar görkezildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝB-niň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Bilelikdäki maslahatynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa  – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki Ministrler maslahatynyň guramaçylyk meselelerine garadylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.