Şwesiýada häzirki akkumulýatorlardan 16 esse uzak işleýän batareýalar döredildi

19.05.2024, 17:515,223

Şwesiýaly alymlar batareýalaryň ösüşinde öňegidişlik gazandylar diýip, Interesting Engineering neşiri ýazýar.

Linçýoping uniwersitetiniň, Çalmersiň Tehnologiýa uniwersitetiniň we Karlstad uniwersitetiniň hünärmenleri kagyz pudagynyň galyndylaryndan - sinkden we ligninden ýasalan täze batareýany döretdiler.
Täze ösüşiň esasy artykmaçlygy - onuň ömrüniň dowamlylygy. Ol 8000 doly zarýad beriş siklinden soň asyl kuwwatynyň 80% -den gowragyny saklaýar. Deňeşdirmek üçin, häzirki zaman smartfonlardaky batareýalar bary-ýogy 500 zarýad beriş siklinden soň 80% -e çenli azalýar, diýmek, täze önümiň ömri 16 esse uzak.
Linçýoping uniwersitetiniň gözlegçisi Ziýauddin Han: "Bary-ýogy birnäçe sagadyň içinde zarýady gidýän sink esasly batareýalardan tapawutlylykda, biziň batareýamyz zarýadyny bir hepde saklap biler" diýip belleýär.
Çydamlylykdan başga-da, täze batareýanyň ýene-de birnäçe artykmaçlygy bar:
Ekologiýa taýdan arassalyk: sink we lignin ygtybarly we aňsat tapylýan materiallar, batareýanyň  ähli materiallaryny doly gaýtadan işläp bolýar.
Arzan baha: bu batareýalar litiý-ion batareýalaryndan has arzan düşýär.
Energiýany dykyz saklaýar: derejesi litiý-ion batareýalarynyňky ýaly, bu bolsa  şonuň ýaly ululykdaky batareýalary öndürmäge mümkinçilik berýär.
Täze batareýanyň ilkinji prototipi kiçijik gerdejik görnüşine eýe, ýöne geljekde oýlap tapyjylar gabarasy uly akkumulýator döretmegi meýilleşdirýärler.
Gözlegiň awtorlary batareýalarynyň islendik zada: smartfona, dakylýan  enjamlara we hatda awtoulaglara hem oturdylyp bilinjekdigini öňe sürýärler.
Alymlar sink-lignin batareýalarynyň doly göwrümli önümçiligini ýola goýmak meselesini eýýäm öwrenip ýörler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.