Türkmenistan Ýewraziýa patent guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär

15.06.2024, 08:484,350

Türkmenistan Ýewraziýa patent guramasynyň esasy resminamalarynyň biri bolan “Ýewraziýa patent Konwensiýasynyň senagat nusgalaryny goramak hakyndaky Teswirnamasyna” goşulmagy meýilleşdirýär. Degişli teklibi 14-nji iýunda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hödürledi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri ýokarda agzalan Teswirnama goşulmak bilen şertlendirilen ýurdumyz üçin dörejek artykmaçlyklar barada habar berdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň abraýly halkara guramalarynda, hususan-da, Ýewraziýa patent guramasynda wekilçiligini giňeltmek boýunça teklip beýan edildi.
Mundan başga-da, şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde senagat nusgalarynyň hukuk goragyna bagyşlanan sebitleýin maslahaty, 2025-nji ýylda bolsa, Ýewraziýa patent guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär.          
Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri goldady hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine  Ýewraziýa patent guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.