3,99 dollara satyn alnan waza gadymy maýýa siwilizasiýasynyň artefakty bolup çykdy

21.06.2024, 09:236,960
1 / 2

Amerikaly Anna Li Dozýer Meksika iş saparynyň dowamynda antropologiýa muzeýine baryp gördi we käbir artefaktlaryň daşky görnüşi boýunça ýakynda komission dükanyndan 3,99 dollara satyn alan wazasyna meňzeýändigine ünsi çekdi.

Soň ol hünärmenlere ýüz tutdy we olar wazanyň maýýa siwilizasiýasynyň hakyky artefaktydygyny tassykladylar. Ol biziň eýýamymyzyň III we IX asyrlarynyň aralygynda ýasalypdyr.
Dozýer artefakty Meksikanyň ilçisi Esteban Moktresuma Barragana bermek kararyna geldi. Indi ol ýerli muzeýleriň biriniň kolleksiýasynyň üstüni ýetirer diýip, WUSA9 ýazýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.