Türkmenistan TASS, «Interfaks», RT we Raptly bilen ylalaşyk baglaşdy

Şu gün, 10:35386
1 / 3

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti Russiýanyň birnäçe guramalary we agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk gazandy. Resminamalara Awazada geçirilen GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisinde gol çekildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisde ozal ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we media ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Döwletara maglumat pulunyň administratiw geňeşiniň mejlisinde öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, dürli ýurtlaryň teleýaýlymlary bilen maglumat alyşmak, maglumat we medeni kontentleri döretmekde bilelikdäki tagallalary birleşdirmek hem-de teleradioýaýlymlar boýunça tejribe alyşmak meselelerine üns berildi.

Mejlisiň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Onda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň «TV — Nowosti» Awtonom täjirçilik bolmadyk guramasynyň (RT, ýagny Russia Today halkara teleýaýlymynyň esaslandyryjysy), «Raptly» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň, «ITAR — TASS» we «Interfaks» habarlar agentlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek, özara ýardam bermek, düşünişmek we maglumat alyşmak hakynda degişli resminamalara gol çekildi.