Canalys: smartfon bazary yzly-yzyna 3 çäýrek ösüş görkezýär

23.07.2024, 14:293,423
1 / 4

Canalys analitik kompaniýasynyň habaryna görä, smartfonlaryň dünýä bazary 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde üçünji gezek yzygiderli ösüş görkezdi. Aprel-iýun aýlary aralygynda 288 million smartfon ýerlendi, bu bolsa geçen ýyldakydan 12% köp.

Samsung bazarda liderligini saklaýar, ýöne kompaniýa Apple-den bary-ýogy 2% öňde. Bu tehnologiýa ägirtleri, mundan beýläk hem emeli aňly önümlerde ösüş gazanjakdyklaryny göz öňünde tutýarlar.
Сanalys-iň analitikleri, iň uly ösüşi Xiaomi we Transsion kompaniýalarynyň gazanandygyny belläp geçýärler.
Honor, ​​Oppo we vivo kompaniýalary bolsa, Hytaýyň daşynda hem satuwy giňeltmek isleýärler.
Umuman aýdanyňda, innowasion tehnologiýalarynyň we olara bolan islegiň artmagy bilen dünýädäki smartfon bazary ösüşe eýe bolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.