2024-nji ýylda iň köp haýsy smartfonlar satyldy - Counterpoint Research

03.08.2024, 16:527,868
1 / 2

Analitikleriň Counterpoint Research gözleginiň netijesine görä, bazar paýynyň 4,1%-ini alan iPhone 15 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäde iň köp satylan smartfon boldy. Ikinji we üçünji ýerlerde bolsa, iPhone 15 Pro Max – 3,7% we iPhone 15 Pro – 3,1%.

Iň köp satylan 10 model sanawynyň aglaba bölegini Samsung A seriýaly smartfonlary eýeledi, emma Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi bu smartfonlardan Apple-iň flagmanlaryndan alýan girdejisini alanok. Gymmat bahaly Samsung modellerinden diňe Galaxy S24 Ultra 9-njy ýeri eýeläp, ilkinji onluga girdi.
Sanawda hytaý markalaryndan diňe Xiaomi Redmi 13C 4G smartfony agzalýar. Özüniň arzan bahasy bilen smartfon 8-nji ýeri eýeledi.
2024-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäde iň köp satylan 10 smartfon:

  1. iPhone 15 – 4,1%
  2. iPhone 15 Pro Max – 3,7%
  3. iPhone 15 Pro – 3,1%
  4. Samsung Galaxy A15 5G – 2%
  5. Samsung Galaxy A15 4G – 1,8%
  6. iPhone 14 – 1,6%
  7. Samsung Galaxy A55 – 1,5%
  8. Xiaomi Redmi 13C 4G – 1,5%
  9. Samsung Galaxy S24 Ultra – 1,4%
  10. Samsung Galaxy A05 – 1,4%
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.