Serdar Berdimuhamedow Hindistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

15.08.2024, 11:203,523

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini we mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny belläp, köpugurly hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistan Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.