Alkaras iň köp girdeji gazanan tennisçileriň “Forbes” reýtinginde birinji orny eýeledi

26.08.2024, 12:484,638

Forbes soňky bir ýylda dünýäniň iň köp girdeji gazanan tennisçileriniň reýtingini hödürledi. Sanawa hem erkek, hem zenan tennisçiler girdi. Reýtingde birinji orny $42,3 mln girdeji bilen ispaniýaly Karlos Alkaras eýeledi.  

Iň köp girdeji alan tennisçileriň ilkinji onlugy:

  1. Karlos Alkaras (Ispaniýa) - $42,3 mln
  2. Nowak Jokowiç (Serbiýa) - $37,2 mln
  3. Kori Gauff (ABŞ) - $27,1 mln
  4. Iga Swýontek (Polşa) - $26,7 mln
  5. Ýannik Sinner (Italiýa) - $26,6 mln
  6. Rafael Nadal (Ispaniýa) - $23,3 mln
  7. Daniil Medwedew (Russiýa) - $20,3 mln
  8. Naomi Osaka (Ýaponiýa) - $14,6 mln
  9. Kasper Ruud (Norwegiýa) - $13,9 mln
  10. Arina Sobolenko (Belarus) - $12,4 mln

Reýtinge soňky 12 aýyň dowamynda alnan baýrak pullary we mahabat şertnamalaryndan gazanylan girdejiler hem goşuldy. Alkarasyň gazanjy $42,3 mln bolup, şolaryň $10,3 milliony baýrak pullaryna degişli. Nowak Jokowiçiň gazanan $37,2 mln girdejisiniň $12,2 millionyny baýrak pullary emele getirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.