Nowak Jokowiç dünýäniň 28-nji raketkasyndan utulyp, US Open-i terk etdi

01.09.2024, 07:525,685

“Artur Eş Stedium” stadionynda ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň üçünji tapgyrynyň oýny geçirilip, onuň çäklerinde serbiýaly tennisçi, dünýäniň ikinji raketkasy Nowak Jokowiç reýtingiň 28-nji setirini eýeleýän Awstraliýanyň wekili Alekseý Popyrin bilen duşuşdy. Oýnuň netijesinde Popyrin Jokowiçden dört setde üstün çykdy.

Duşuşyk 3 sagat 18 minut dowam edip, 6:4, 6:4, 2:6, 6:4 hasabynda tamamlandy.
1/8 finalda Popyrin reýtingiň 20-nji setirini eýeleýän ABŞ-nyň wekili Frensis Tiafo bilen duşuşar.
Jokowiç bilen Popyrin dördünji gezek duşuşdylar, ýöne Popyrin serbiýaly türgeni ilkinji gezek utdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.