Samsung täze Galaxy Quantum 5 çykardy. Ony her kim satyn alyp bilmez

02.09.2024, 12:1613,435
1 / 2

Samsung täze Galaxy Quantum 5 smartfonyny hödürledi, ýöne enjam diňe Günorta Koreýada SK Telecom operatory arkaly elýeterli bolar diýip, Sammobile ýazýar.

Bu enjam, ID Quantique kompaniýasynyň S2Q000 kriptografiki çipi bilen enjamlaşdyrylan Galaxy A55-iň ýörite wersiýasydyr. Smartfonyň bahasy 465 dollar.

Tehniki aýratynlyklary:

  • Ekran: Super AMOLED, 6,6 dýuýmlyk, Full HD+ durulyk, 120 Gz täzeleniş tizligi, Gorilla Glass Victus+ aýna.
  • Kameralar: öň – 32 Mp; esasy – 50 Mp, 12 Mp we 5 Mp.
  • Prosessor: SoC Exynos 1480.
  • Ýat: 8 GB operatiw we 128 GB içerki.
  • Batareýa: kuwwaty 5000 mA/s, 25 Wt çalt zarýad bermegi goldaýar.
  • Aragatnaşyk we gorag: Wi-Fi 6, Bluetooth 5.3, NFC, IP67 suwdan we tozandan gorag.
  • Howpsuzlyk: Galaxy Quantum 5-iň esasy aýratynlygy ID Quantique tarapyndan işlenip düzülen S2Q000 çipidir. Bu çip, Samsung-yň Knox howpsuzlyk platformasyna integrirlenen kwant tötänleýin san generatoryny işledýär. Bu bolsa bank we töleg programmalaryny ulanmagyň howpsuzlygyny ýokarlandyrýar.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.