Bellingem “Realda” oýnan ilkinji ýyly barada mini-serialyň çykýandygyny habar berdi

07.09.2024, 21:428,860

Madridiň “Realynyň” 21 ýaşly hüjümçi ýarymgoragçysy Jud Bellingem sosial ulgamyndaky akkauntynda YouTube kanalyny açandygyny we onda 12-nji sentýabrdan “Realyň” düzüminde geçiren ilkinji ýylyny görkezýän wideolary ýerleşdirjekdigini habar berdi.

Bellingem bir ýylyň dowamynda dürli pursatlary wideo düşürendigini belledi. Mini-serial dört bölümden ybarat bolup, olaryň hersi hepdede çykar.

“Olar [wideolar] siziň göwnüňizden turar we siz maňa ýazylmagy ýatdan çykarmarsyňyz diýip umyt edýärin” – diýip, Bellingem ýazdy.

Ýarymgoragçy “Reala” 2023-nji ýylyň tomsunda Dortmundyň “Borussiýasyndan” geçdi. Bu döwürde ol ähli ýaryşlarda 44 oýna gatnaşyp, 23 gol we 14 assist bilen tapawutlandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.