Netflix “Alagaraňkylyk” filmi esasynda animasion serial çykarar

08.09.2024, 17:0911,405

Netflix Stefani Maýeriň “Alagaraňkylyk” (Сумерки) romany esasynda animasion serialyny çykarar. 2023-nji ýylyň aprel aýynda ilkinji gezek agzalyp geçilen bu taslama meşhur franşizanyň täzeçe beýany bolar diýip, Variety habar berýär.

Animasion serial, “Alagaraňkylyk” kitabynyň 2020-nji ýylda çykan “Ýary gijäniň Güni” (Солнце полуночи) atly birinji bölümine esaslanar. Ýöne mazmun Bella Swon däl-de Edward Kallen tarapyndan gürrüň berilýär.
Serialyň ssenaristi we prodýuseri hökmünde Sindi Deýli çykyş eder.
“Alagaraňky saga” (Сумеречная сага) 2008-nji we 2012-nji ýyllar aralygynda bäş gezek ekranlaşdyrylyp, kassa ýygymynda 3 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy. Filmde Edward Kalleniň roluny Robert Pattinson, Bella Swonuň roluny bolsa Kristen Stýuart ýerine ýetirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.