YouTube Music ulanyjynyň islegine görä, emeli aň arkaly pleýlist döredýän funksiýany synag edýär

15.09.2024, 11:391,647
1 / 2

YouTube Music ulanyjylaryň isleglerini nazara alyp, pleýlist döretmek üçin emeli aňy ulanýan Ask Music funksiýasyny hödürledi. Häzirki wagtda bu funksiýa “synag” formatda we diňe ABŞ-daky, Kanadadaky we Awstraliýadaky YouTube Premium abunaçylary üçin elýeterlidir diýip, Rozetked habar berýär.

Android ulanyjylary Ask Music-i programmasynyň “Esasy” lentasynyň benewşe reňkli kartoçkasynda tapyp bilerler. Kartoçka basanyňyzda, dürli pleýlist görnüşlerini teklip edýän interfeýs açylar.
Google bu funksiýany geljekde köp sanly ýurtlarda we dillerde elýeterli etmegi meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.