Magtymguly adyndaky TDU we Peruja uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

15.10.2024, 14:094,745

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Perujanyň daşary ýurtlular üçin uniwersiteti bilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu barada türkmen uniwersitetiniň saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, gol çekmek dabarasy 14-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler iki dostlukly ýurduň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlyklar dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Ähtnama laýyklykda, taraplar:

  • daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýetini ornaşdyrmak we öňdebaryjy mugallymçylyk tejribesini kämilleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk ederler;
  • daşary ýurt dillerini okatmak boýunça okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw-usuly we ylmy-usuly gollanmalaryny, ylmy neşirleri we okuw kitaplaryny alyşmak bilen birlikde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürerler;
  • professor-mugallymlary deň şertlerde alyş-çalyş ederler, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýüz tutmagy bilen Perujanyň daşary ýurtlular üçin uniwersiteti italýan dili mugallymlaryny hödürlär hem-de iberer.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.