Agyr agramda dünýä çempiony Dýubua indiki tutluşygyny 2025-nji ýylyň ýanwarynda geçirer

17.10.2024, 14:539,921

Agyr agramda IBF boýunça dünýä çempiony britaniýaly Daniel Dýubua bilen işleýän belli promouter Frenk Uorren söweşijiniň 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda indiki söweşini geçirjekdigini habar berdi. 

Geçen söweşinde Dýubua Entoni Joşuany nokaut ýagdaýyna düşürip, IBF wersiýasy boýunça çempion guşagyny gorapdy.

“Ol 2025-nji ýylyň başynda indiki söweşini geçirer. Biz birnäçe ýagdaýy gözden geçirýäris. Eýýäm indiki hepdede ähli zat barada ylalaşyp bileris diýip umyt edýäris. Ol öz guşagyny gorar, ýöne häzirlikçe garşydaşyň kim boljakdygy belli däl. Belki, ol Joşua bolar. Ýöne bu fakt däl.

Biz Danieliň soňky çykyşyndan soň sowamagyny islämzok. Ol özüni bütin dünýä görkezdi” – diýip, talkSport Uorreniň sözlerini getirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.