Türkmenistanyň DIM-nde ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

24.10.2024, 00:332,460
1 / 2

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Mark Kemeron bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen duşuşykda söhbetdeşler ikitaraplaýyn türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Syýasy hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, söwda-ykdysady ulgam, howanyň üýtgemegi, hususan-da metan zyňyndylaryny azaltmak ugrundaky we ynsanperwer gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.