Italiýanyň kenaryndan gadymyýetiň syrly halky bolan nabateýlileriň gark bolan ybadathanasy tapyldy 

28.10.2024, 11:389,028

Arheologlar Neapolitan aýlagynda Iordaniýanyň syrly çarwa siwilizasiýasy bolan nabateýlere degişli gadymy ybadathanany tapdylar.  "Antiquity" žurnalynda gözlegiň netijeleri çap edilip, onuň maglumatlaryna görä, siwilizasiýa Indiana Jonsuň filmleri arkaly kino muşdaklaryna mälimdir. Bu barada vokrugsveta.ru habar berýär.

Gark bolan ybadathana gadymy Rimiň möhüm porty bolup hyzmat eden Possuoli (öňki Puteoli) şäheriniň golaýynda bolup, ondan, takmynan kenardan 450 m uzaklykda ýerleşýär. Tapylan binanyň ýaşy 2000 ýyla deňdir.
Alymlar ybadathananyň gönüburçly görnüşde bolandygyny we daşary ýurtly söwdagärler tarapyndan ulanylan Wikus Lartidianus ýollarynyň oňa eltendigini aýdýarlar. Bu açyş nabateýlileriň halkara söwdasyna gatnaşandygyny we garaşsyzlyk döwründe Rim bilen arabaglanyşygynyň bolandygyny tassyklaýar.
Alymlar: “Port sebitinde nabateý  mukaddes ybadathanasynyň bolmagy, bu ýerleriň  jemgyýetiniň söwda bilen meşgullanandygyny tassyklaýar.  Onuň gurluşygy nabateý raýatlarynyň Rim bilen dostlugy, döwletiniň garaşsyzlygy we erkinligi üpjün edilen döwründe mümkin boldy" diýip belleýärler.
Gözlegçileriň sözlerine görä, ybadathananyň diwarlary rim stilinde gurlupdyr. Onuň ýüzündäki mermerde nabateýlileriň hudaýy Duşareniň keşbi oýulyp şekillendirilipdir. Şeýle-de ybadathananyň içinde gurbanlyk we mukaddes daşlary ýerleşdirmek üçin ýörite ýerler bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.