Bitkoin ABŞ-da saýlawlaryň geçýän döwründe 75 müň dollara galyp, taryhy rekord goýdy

06.11.2024, 13:254,915

Bitkoin 75 müň dollar belligine ýetip, täze taryhy rekord goýdy. Bary-ýogy bir sagatda esasy kriptowalýuta bahasynda 10% ýokarlanyp, ýylyň başyndan bäri iň güýçli ösüş depginini görkezdi.

Az soňra bitkoin gymmatlamagyny dowam edip, Aşgabat wagty bilen 11:23-däki ýagdaýa görä, 75,356 müň dollar boldy.
Bu ösüşe ABŞ-nyň Prezidentiniň saýlawlarynda sesleri hasaplamagyň deslapky netijeleri itergi berdi. New York Times analitik ulgamy Donald Trampyň ýeňiş gazanmak ähtimallygyny 71% diýip hasaplaýar, bu hem kriptowalýuta bazarynda güýçli reaksiýany döretdi. Habar ýazylan wagty Respublikan partiýasyndan dalaşgär saýlaw wekillerinden ýeňiş üçin zerur bolan 270 sesden 267 ses aldy. Onuň garşydaşy – demokratlardan dalaşgär Kamala Harris bolsa 224 ses aldy diýip, Associated Press belleýär.

Kriptowalýuta bazaryna gatnaşyjylar saýlawlaryň deslapky netijelerine bitkoini işjeň satyn satyn almak bilen seslenýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.