Soňky iki ýylda ilkinji gezek Toyota-nyň çärýeklik girdejisi azaldy

07.11.2024, 18:574,432

Toyota Motor soňky iki ýylda ilkinji gezek çärýeklik girdejisiniň azalmagyny hasaba aldy. 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemleri boýunça kompaniýanyň operasion girdejisi 20% azalyp, 1,16 trillion ýena (7,55 milliard dollar) boldy. LSEG-iň berýän maglumatlaryna görä, şeýle görkeziji 1,2 trillion ýena möçberinde girdeji gazanylar diýip garaşan seljerijileriň çaklamalaryna takmynan gabat gelýär.

Pese gaçyşyň esasy faktorlary önümçilikdäki kynçylyklar hem-de ABŞ we Ýaponiýa ýaly esasy bazarlarda satuwyň azalmagy bilen bagly boldy.

“ABŞ-nyň Indiana ştatyndaky zawodymyz geçen aý gaýtadan işe başlady. Ýyllyk önümçilik mukdarymyzy 10 million birlige gaýtaryp getirmegi meýilleşdirýäris "-diýip, Toyota-nyň maliýe direktory kompaniýanyň operasion hasabatyna teswir berende belledi.

Toyota önümçilik meýilnamalaryna düzediş girizip, maksatly görkezijisini öň yglan edilen derejeden 1%, ýagny 10,85 million ulaga çenli peseltdi. Kynçylyklara garamazdan, kärhana ýyllyk girdejisini 4,3 trillion ýenalygyna galdyrdy.
Täzelikleriň fonunda Toyota -yň paýnamalary Ýaponiýanyň paýnama indeksiniň 2,6 göterim ösüşinden yza galsa-da, 1,7% ýokarlandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.