Alym 2600 ýyllyk Arslan Kaýa ýadygärligindäki syrly ýazgynyň manysyny açyp görkezdi

23.11.2024, 00:406,198

Pensilwaniýa ştatyndaky uniwersitetiň professory Mark Mann Türkiýede ýerleşýän Arslan Kaýa ýadygärligindäki ýazgynyň bir böleginiň manysyny düşündirdi. Bu ýadygärligiň ýaşy 2600 ýyla deňdir we ondaky ýazgy bilen baglanyşykly jedeller XIX asyrdan bäri dowam edip gelýär diýip, professor Live Science-e beren interwýusynda gürrüň berdi.

Mannyň gözlegleriniň netijeleri “Kadmos” ylmy žurnalynda çap edildi.
Arslan Kaýa ady “ýolbars gaýasy” diýip terjime edilýär. Ýazgydan başga-da daşda ýolbarslaryň we sfinksleriň şekilleri bar.
Gözlegçiniň aýtmagyna görä, ýadygärlikdäki tekstde Frigiýaly zenan Hudaýy Materan hakda aýdylýarÝadygärligiň Lidiýa şalygynyň döwründe gurlan bolmagy ähtimal.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.